icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

15 dekabr 2025

72

Berlin şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministrliginiň «Willkommen in Berlin» guramasynyň wekilleri, Berlin şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, şeýle hem jemgyýetçilik we medeni ugurlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň resmi böleginde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Halkara Bitaraplyk gününiň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň aýratyn ähmiýetini bellediler. Bu şanly seneler mynasybetli Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda dialogy, özara ynanyşmagy we durnukly parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen köpsanly halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýändigi nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuna we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan işjeň parahatçylyk döredijilikli syýasatyna aýratyn üns berildi.

Çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň dürli ulgamlardaky gazanan üstünliklerini, şeýle hem ýurduň baý taryhy-medeni mirasyny şöhlelendirýän wideoýazgylar we fotosuratlar görkezildi. Myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenip, olar uly gyzyklanma we mähirli seslenme döretdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hökümetini we türkmen halkyny hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, parahatçylyk, gülläp ösüş we mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi