

2025-nji ýylyň 29-njy dekabrynda Türkmenistanyň Aktau şäherindäki Konsullygynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi.
Çärä Ş.Ýesenow adyndaky Hazar deňzi döwlet tehnologiýalar we inžiniring uniwersitetiniň talyplary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň Türkmenistanyň ösüşiniň esasy tapgyrlaryna düşünmekde, şeýle hem häzirki döwrüň halkara şertlerinde hemişelik bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny çuňňur we giňişleýin açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn bellenildi. Kitapda bitaraplyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň milli däpleri bilen innowasion ösüş ýoluny, içki durnuklylygy bilen dünýä açyklygy sazlaşykly utgaşdyrýan we depginli ösýän döwlete öwrülendigi nygtalýar. Şunda ykdysadyýetde, ulag ulgamynda, medeniýetde we halkara diplomatiýasynda gazanylan üstünlikleriň yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň netijesi bolup çykyş edýändigi bellenildi.
Çykyş edenler täze kitabyň ýurduň milli özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, parahatçylyga, dostluga we durnukly ösüşe ymtylmany alamatlandyrýan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtadylar.
Tanyşdyrylyş dabarasy tamamlanýan ýylyň möhüm wakalarynyň biri bolup, kitapda beýan edilen bitaraplyk syýasaty baradaky pikirleriň Türkmenistanyň şu güni we geljegi üçin hem öz ähmiýetini saklaýandygyny tassyklady.
Çäräniň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar kitapda beýan edilen pikirleri mundan beýläk-de ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli aşhanasynyň tagamlary hödür edildi.