

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahimiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Ilçi M. Aýazow 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini barada mälim etdi.
Şeýle hem Ilçi Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge we dünýäde türkmen bedewleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi.
Duşuşykda türkmen diplomaty Saud Atçylyk Federasiýas bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdy.