icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

23 ýanwar 2026

122

Moskwa şäherinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň DIM-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň 2025–2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bu formatyň ýokary derejeli geňeşmeleri geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ilçisi E.Aýdogdyýew öz çykyşynda geçen ýylyň oktýabrynda Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedow tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň durnuklylygy, ynamy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen amaly häsiýetli garaýyşlary we teklipleri goldaýandygy, bu garaýyşlaryň we teklipleriň deňhukuklylygy hem-de gatnaşyjylaryň milli bähbitlerini nazara almagyň möhümdigini göz öňünde tutýandygy aýratyn nygtaldy.

Taraplar Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitiniň netijelerini durmuşa geçirmegiň mümkin bolan ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň alty döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki hökümet guramalarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirmek arkaly hem mümkindigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi