icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img

14 fewral 2026

78

Almaty şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda Almaty şäherindäki Abylaý Han adyndaky gazak Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly çäre geçirildi.

Çärä uniwersitetiň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşdy. Gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Gazagystanyň asyrlardan bäri dowam edýän hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, umumy medeni we taryhy gatnaşyklary bilen baglanyşyklydygyny bellediler. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup hyzmat edýär.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň Bitaraplygy: Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly" atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Gatnaşyjylar, bu neşiriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we goldawyny gazanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini we onuň häzirki zaman ähmiýetini köptaraplaýyn düşünmegiň netijesidigini bellediler.

Duşuşygyň barşynda milli sazlar we aýdymlar, şol sanda türkmen halkynyň ruhy mirasynyň aýdyň şöhlelenmesi bolan "Bilezik" we "Küşdepdi" ýaly medeni çykyşlar görkezildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar 2026-njy ýyl şygarynyň Garaşsyzlygy, halkara derejesinde ykrar edilen Bitaraplygy we Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşe we dünýä jemgyýetçiligi bilen açyk gepleşiklere ygrarlylygyny alamatlandyrýandygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi