icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img
img
img
img
img

19 fewral 2026

59

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, kinematografiýa, telewideniýe we sungat ulgamlarynda tejribe alyşmaga gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

16-njy fewralda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň  (TÜRKSOÝ) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamuradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary S.Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de umumy medeni mirasy ýaýbaňlandyrmaga ýardam berýän bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

17-nji fewralda Türkmenistanyň Medeniýet ministri Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kino, teatr, saz sungaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle hem degişli ugurlar boýunça bilim maksatnamalaryny we döredijilik alyşmalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji fewralda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew Ankara saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetiniň prorektory Baryş Demirçi bilen duşuşdy. Pikir alyşmalar akademiki gatnaşyklary ýola goýmagy, döredijilik ugurlarynda talyplar we hünärmenler üçin ussatlyk sapaklaryny we tejribelik okuwlaryny geçirmek meselelerini öz içine aldy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Çäreleriň dowamynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä medeniýetiniň hazynasyndaky bahasyna ýetip bolmajak orny aýratyn nygtaldy.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen tarapy söhbetdeşleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän 2026-njy ýyla bagyşlanan esasy halkara çäreler bilen tanyşdyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi