icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

04 mart 2026

65

Türkmenistanyň Ilçisiniň Bolgariýa Respublikasyna amala aşyran sapary barada

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Bolgariýanyň milli baýramy – Azat ediş güni mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşmak maksady bilen Sofiýa şäherinde saparda boldy.

Ilçi Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Iliana Ýotowa hem-de Bolgariýanyň Premýer-ministri Andreý Gýurowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Saparyň çäklerinde E.Aýdogdyýew bilen Bolgariýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça baş müdirliginiň Baş direktory Petko Doýkowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçi bolgar tarapyna 2026-njy ýylda Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada habar berip, Bolgariýanyň wekillerine baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy gowşurdy.

Konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-bolgar hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, söhbetdeşler hyzmatdaşlygy döwletara derejesinde, şeýle hem halkara guramalarynyň ugry boýunça, şol sanda BMG-niň we Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi dialogynyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, ulag, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki birnäçe pudaklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bolgar toparynyň nobatdaky mejlisini guramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça amala aşyrylýan özara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, diplomatlar ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmegiň senelerine garadylar.

Ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem bu ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmek hem gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň temasy boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi