icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

04 mart 2026

62

Bişkekde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Bişkekde 2026-njy ýylyň  «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Gyrgyz Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy Gyrgyz-Türk “Manas” uniwersitetinde düşündiriş häsiýetli umumy sapagy geçirdi. Çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Dabaranyň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygarynyň manysy barada jikme-jik maglumat berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary we yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetiň ösüşine, şeýle hem Türkmenistanyň buýsanjy bolan ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamaga we artdyrmaga aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Türkmen atlarynyň halkyň aýrylmaz maddy we ruhy baýlygy, şeýle hem onuň taryhy mirasynyň nyşanydygy nygtaldy. Şeýle hem ahalteke atlaryny ylmy taýdan öwrenmek, bu tohumy giňden ýaýratmak we halkara derejesinde onuň abraýyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan toplumlaýyn işlere aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň dünýäde iň gymmatly tohum atlaryň biri hasaplanylýandygyny we olaryň Türkmenistanda aýratyn hormatlanýandygyny bellediler. Türkmeniň milli özboluşlylygynyň emele gelmeginde ahalteke atlarynyň taryhy ornuna we olaryň dünýä atçylygyna goşan goşandyna aýratyn üns berlip, ahalteke bedewleriniň ajaýyp häsiýetleri bellenildi we olaryň hatarynda çydamlylyk, gözellik we ýokary düşbülik görkezildi.

Çäräniň ahyrynda ahalteke atlaryna bagyşlanan wideoşekil görkezildi, onda olaryň gözelligi, ýyndamlygy we sazlaşygy aýdyň beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi