icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

05 mart 2026

104

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi S.Seýfullin adyndaky Gazak agrotehniki barlag uniwersitetinde leksiýa bilen çykyş etdi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow Saken Seýfullin adyndaky Gazak Agrotehniki barlag uniwersitetiniň Dolandyryş geňeşiniň başlygy – rektory Kanat Maratowiç Tireuow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim we ylym ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Soňra Ilçi bu ýokary okuw jaýynda okaýan türkmen talyplary, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi üçin leksiýa bilen çykyş etdi.

Öz çykyşynda Ilçi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän çäreleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň öňünde goýan möhüm wezipelerini giňişleýin beýan etdi. Şeýle-de 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny giňden bellemek boýunça meýilnamalar barada aýdyp geçdi.

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet özygtyýarlylygyny gazanmagynyň iki ýurduň arasyndaky gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine täze itergi berendigini, netijede ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň hem-de hakyky doganlygyň derejesine çykandygyny belledi.

Şeýle hem B.Rejepow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabyny tanyşdyrdy. Ilçi bu kitapda Türkmenistanyň bitaraplyk ýyllarynda milli däpleri we innowasion ösüş ýoluny sazlaşykly utgaşdyrýan, içki durnuklylygy hem-de dünýä açyklygy üpjün edýän ygtybarly ösüşli döwlet hökmünde kemala gelendigi aýratyn nygtalýandygyny belledi.

Çäräniň ahyrynda Ilçi B.Rejepow talyplaryň okuwda we sportda gazanýan üstünlikleri bilen hem gyzyklandy. Talyplar bolsa öz gezeginde özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermäge mümkinçilik gazandylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi