icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

11 mart 2026

108

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö.Jumanazarowyň Stambulyň häkimi Dawut Gül bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Taraplar dostluk, hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça pikir alşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi