icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 oktýabr 2017

1173

Panama Halkara Energetika Hartiýasyna gol çekdi

2017-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Panamanyň Belgiýa Patyşalygyndaky, Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky we Panamanyň Ýewropa Bileleşiginiň Missiýasyndaky Ilçisi Onuň Alyhezreti Dario Ernesto Çiru Oçoa Sekretariatda Baş Sekretar Urban Rusnagyň we Energetika Hartiýasyna ýolbaşçylyk edýän ýurda wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçihanasynyň geňeşçisiniň gatnaşmagynda  Halkara Energetika Hartiýasynyň 2015-nji ýyldaky Düzgünnamasyna  gol çekdi.                         

Halkara Energetika Hartiýasy energetika pudagynda  maýa goýumlary höweslendirmek we goramak işinde  uzakmöhletleýin syýasy ynanyşmagyň nyşany hasaplanýar. Ol 2016-njy ýylda Panama Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan tassyklanan 2015-2050-nji ýyllar üçin Milli energetika meýilnamasyny goldaýar. Çaklamalara görä Panamada okgunly ösýän ykdysadyýetiň energetika talaby 2014-nji we 2050-nji ýyllaryň aralygynda 5,2% artar. Döwlet bu goşmaça talaby kanagatlandyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlaryna açykdyr.

Panama Halkara Energetika Hartiýasyna gol çeken Latin Amerika ýurtlarynyň dördünjisi hasaplanýar; beýleki üç ýurt – Çili, Kolumbiýa we Gwatemala. Häzirki güne çenli Hartiýa energetika pudagynda deň şertler üçin umumy ýörelgeleri tassyklan ähli kontinentlerden  87 ýurt gol çekdi.  

Baş sekretar Urban Rusnak Ilçi Çiru Oçoany geljekde  Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyna goşulmakda   maýa goýum şertlerine, hukugy goramaga we energiýa netijeliligine gönükdirilen wagtlaýyn garamaga berlen maksatnama seretmäge çagyrdy. Ilçi Çiru Oçoa çakylygy kabul etdi we bu ugurda hereket etmäge taýýardygyny aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi