icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

19 fewral 2023

1913

Baku şäherinde geçirilen Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamy barada

2023-nji ýylyň 16-njy fewralynda Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit we senagat uniwersitetiniň talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan Magtymguly Pyragynyň edebiýat agşamy geçirildi.

Edebiýat agşamyna ylmy we döredijilik intelligensiýanyň wekilleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlary, hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň muşdaklary gatnaşdylar.

Bu çärede Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň şahyrana giň dünýägaraýyşly pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary we goşgylary barada özlerinde döreýän gyzyklanmalary, şygryýet bilen sazlaşyklylygy hakynda sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

Edebiýat agşamynda çykyş edenler parahatçylygy we agzybirligi wasp eden, milli  gymmatlyklary wagyz eden Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler we Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we güýçlendirmek baradaky umumy isleglerini beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi