icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

22 fewral 2023

1546

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň prorektory bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň ösüş we innowasiýalar boýunça prorektory Mikael Owannisýan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda M.Owannisýan ýokary okuw jaýynda bar bolan halkara aragatnaşyk ulgamy, uniwersitetiň halkara işewürligi barada, şeýle hem daşary ýurtly talyplar üçin stipendiýalaryň elýeterliligi barada maglumat berdi.

Ilçi M.Aýazow Ýerewan uniwersitetiniň Türkmenistanyň uniwersitetleri bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli ugurda ösýändigini, geçen ýyllaryň çäginde özara iş saparlary, şeýle hem proffesor-mugallymlaryň arasynda birnäçe netijeli ýygnaklaryň we türkmen talyplary üçin leksiýalaryň gurnalandygyny aýtdy.

Şeýle hem Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzdaky ýaşlar ulgamy syýasatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususan-da halkara we sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda tejribe alyşmak, şol sanda daşary ýurtly alymlary we professorlary türkmen uniwersitetlerinde bilim bermek üçin ünsüni çekmek baradaky buýruklary barada habar berdi.

Mundan başga-da, myhmanlar Ilçihananyň şu ýyl Ermenistan Respublikasynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleri geçirmek babatyndaky meýilnamalary bilen tanyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ýerewan uniwersitetiniň prorektory Ilçihananyň Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti bilen “Dünýä medeniýetiniň taryhynda Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny bilelikde geçirmek baradaky başlangyjyny doly derejede goldady.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ýokarda agzalyp geçilen geljekki uly ugurlary boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi