icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 dekabr 2016

1052

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyna bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2016-njy ýylyň 10-njy dekabrynda  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

 Bu foruma Mejlisiň deputatlary hem-de ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň wekilleri, ýurdumyzda işleýän birnäçe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem DIM-niň HGI-niň hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Baýramçylyk mynasybetli institutyň foýesinde ýaýbaňlandyrylan ýöriteleşdirilen sergi forumyň üstüni ýetirdi. Ol türkmen halkynyň gadymy taryhy, onuň baý medeniýeti we ruhy mirasy, şeýle hem Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyly içinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar.

Foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlagy okaldy.

Çykyşlarda aýratyn bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi häzirki zaman taryhynda ilkinji bolup, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan Bitarap döwlet diýlip ykrar edilendigi nazara alnyp, halkara diplomatiýasynyň özboluşly täze ýagdaýyna öwrüldi.

Daşary ýurt diplomatlarynyň—ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine peýdalanýan Türkmenistanyň ýörelgelerine ýokary baha berdiler.

  Forumyň çäklerinde geçirilen many-mazmunly pikir alyşmalar, Türkmenistanyň köptaraply daşary syýasatyna berlen adalatly we hemmetaraplaýyn baha, ýurdumyzyň ählumumy goşulyşmalara edýän täsiri halkara syýasatynyň nazaryýetini we amalýetini ösdürmekde uly goşant boldy.

  Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi