icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 maý 2019

718

Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýartonyň Aşgabada iş sapary

Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýarto Türkmenistanyň DIM-de geçirilen duşuşykdan soňra žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi:

- Siz şu gün Türkmenistanyň Prezidenti bilen gepleşikleri geçirdiňiz, haýsy ugurlara aýratyn üns berildi? Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýyna Siz nähili baha berýärsiňiz?

- Wengriýa Merkezi Aziýany, has takygy Türkmenistany ýewropa howpsuzlygy nukdaýnazaryndan sebitiň örän wajyp ýurtlarynyň biri hökmünde kabul edýär. türkmen lideri bilen duşuşykda biz şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdyk. Biz energetiki gorlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygymyzy ara alyp maslahatlaşdyk. Biz Türkmenistanyň gaz gorlaryny Merkezi Ýewropanyň umumy energetiki akymyna goşuljakdygyna aýratyn umyt edýäris.

Biz ykdysady hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdyk, farmasewtika önümleriniň önümçiligi bolup biler, çünki biziň ýurdumyzda döwlete dahylly farmasewtiki kompaniýalar işjeň işleýärler, olar Ýewropa bazarynda iň iri firmalaryň hataryna girýändirler.

Biz şeýle hem sebit syýasatyna hem seredip geçdik. Biz sebitleýin durnuklylyk we howpsuzlyk ulgamynda Türkmenistanyň ornuna ýokary ähmiýet berýäris. Biz Türkmenistanyň terrorçylyga we ekstremistik ideologiýasyna garşy göreşdäki hereketlerini goldaýarys. Owganystandaky ýagdaýlaryň durnuklaşdyrylmagyna Türkmenistanyň goşýan goşantlary aýratyn ykrarnama eýedir.

- Aşgabadyň we Budapeştiň hyzmatdaşlygynyň haýsy ugurlary integrasiýa ulgamyndan Size has geljegi uly ugur bolup öňe çykýar?

- Biz bu gün olara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde seredip geçdik, ol ýerde önjeýli hem-de netijeli gepleşikler geçirildi. Meselem biz Wengriýanyň gözegçi bolup çykyş edýän Türki dilli ýurtlaryň Geňeşi ýaly sebitleýin başlangyçlary ara alyp maslahatlaşdyk. Şeýle hem biz «Bir guşaklyk, bir ýol» başlangyjyna hem seredip geçdik, onda Wengriýa integrirlenen hyzmatdaş bolup çykyş edýändir.

Elbetde ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy gowulandyrmagyň mümkinçilikleri üns merkezde boldy. Wengriýa öz banklarynyň birinde göni ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň we taslamalarynyň maliýeleşdirilmegi üçin 46 million ABŞ dollary möçberinde karz ulgamyny döretdi.

-Siz taraplaryň ikisi üçin gyzyklanma döredýän energetiki hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etdiňiz. Biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň esasy ugurlary – ulag we suw ýaly ulgamlary neneňsi ýüze çykarylýar?

- Ulag babatynda biz raýat awiasiýasy hem-de ýol ulagy ulgamynda iki sany ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýäris, ol iki ýurduň özara baglanşygyny ilerleder. Biz suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky meselelerimizi ara alyp maslahatlaşmagymyzy dowam etdireris. Suw serişdelerini dolandyrmak ulgamyndaky wenger tehnologiýalary öňdebaryjy bolmak bilen, halkara derejesinde özlerini gowy tanatdylar.

Biz Türkmenistanyň syýasatynda suw üpjünçiliginiň örän möhüm orun eýeleýändigini bilýäris. Şunlukda biz mundan beýläk hem suwaryş ulgamlaryny hem-de suw serişdeleriniň dolandyrylmagynyň gowulandyrylmagy üçin Türkmenistanyň bu ugurdaky işlerini mundan beýläk hem goldamagymyzy dowam etdireris.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi