icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 ýanwar 2017

997

Ýaponiýanyň «Kokugakuin» uniwersitetinde Türkmenistan bilen we AZIADA-2017 bilen tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Tokio şäherindäki «Kokugakuin” uniwersiteti bilen bilelikde, AZIADA-2017 oýunlarynyň başlanmagyna 250 gün galmagy mynasybetli, agzalan okuw jaýynyň we Ýaponiýanyň beýleki uniwersitetleriniň talyplary we mugallymlary bilen giňeldilen duşuşyk görnüşindäki tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow, bu okuw jaýynyň ýolbaşçylary, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ozalky Işleri wagtlaýyn ynanynal wekili Mitsuru Horiguçi dagylar çykyş etdiler. Olar oz çykyşlarynda Türkmenistan döwleti barada we Aziýa yklymynda uly ähmiýete eýe boljak AZIADA-2017 oýunlara görülýän giň-gerimli taýýarlyk işleri barada gürrüň berdiler.

Tanyşdyrylyş çäresiniň öň ýanynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi G.Elýasow bu unuwersitetiň rektory jenap Masuhisa Akai bilen duşuşdy. Bu duşuşykda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

150 adamdan gowrak gatnaşan bu tanyşdyrylyş dabaranyň dowamynda Türkmenistan hakynda ýörite wiktorina hem geçirildi. Onuň ýeňijilerine Ilçihana tarapyndan ýadygärlik sowgatlar berildi.

Çäräniň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň milli medeniýetine degişli, şeýle hem kitaplaryň we foto-suratlarynyň sergisi hem gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Dabaranyň soňunda çärä gatnaşan myhmanlara Ilçihana tarapyndan taýýarlanan milli tagamlar hem hödürlendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi