icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 iýun 2019

1068

Owganystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy

2019-njy ýylyň 22-nji iýunynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar.  

Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Prezidentine goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlary, hem-de döwletiň durmuş-ykdsady taýdan dikeldilmegi barada ýadawsyz tagallalary edýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Päkistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragtnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi