icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 iýun 2019

568

Marokko Patyşalygynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işine başlady

2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda öz diplomatik işine başlaýan Marokko Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Nur-Sultan ş.) Abdeljalil Saubri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Marokko Patyşalygynyň Ilçisi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde giňeltmek hakynda pikir alşyp, taraplar ulag, deňiz gatnawlary, syýahatçylyk ulgamlary boýunça ählitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde gyzyklanma bildirdiler. Şeýle-de abraýly halkara guramalaryň, ilki bilen BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajyplygy hakynda aýdyldy.   

 Türkmen tarapy Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Marokkanyň arasyndaky dostlugy berkitmekde we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikler arzuw etdi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Ilçi öz gezeginde türkmen tarapyna gyzgyn arzuwlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi