icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 oktýabr 2019

657

Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan bilen duşuşygy geçirildi.

Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag gatnawlary, bilim hem-de sport ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmegi üçin ýurtlaryň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenilip geçildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özarahereketleriň netijeliliginiň ähmiýetini belläp geçmek bilen, ministrler Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli birek-birege gutlag sözlerini beýan etdiler. Bu döwrüň dowamynda ýurtlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky özaragatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarandyklary aýratyn bellenilip geçildi.

Taraplar halkara hem-de sebitleýin guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyklary boýunça pikir alyşdylar. Diplomatlar diňe parahatçylyk esasly başlangyçlar we maksatnamalar arkaly durmuş-ykdysady taýdan hemmetaraplaýyn ösüşiň gazanylýandygy barada pikirdeş boldular.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi