icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 noýabr 2019

493

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ŞHG-nyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2019-njy ýylyň 1-2-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri, ýurdumyzyň hormatly myhman hökmünde çagyrylan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkent şäherinde boldy.

Mejlis 2-nji noýabrda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynda geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ŞHG-niň çäklerindäki maýa goýumyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berdiler.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygyň geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi