Minskde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň baş binasynda GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň yz ýany bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitentiniň baş binasynda geçirilen tegelek stol çäresine GDA-nyň Tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleri hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň jogapkär işgärleri, şeýle-de Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Belarus Respublikasynyň informatika we radioelektronika döwlet uniwersitetiniň alym wekilleri we Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ýokarda beýan edilen çäre bilen baglylykda, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulyýew mejlise gatnaşyjylaryň öňünde kabul edilen resminamany tanyşdyrmak maksady bilen çykyş etdi. Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy - Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew we Arkalyşyga girýän ýurtlaryň Hemişelik doly ygtyýarly wekilleri söz sözlediler we özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen işlenilip düzülen GDA agza döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Aşgabat Jarnamasyna gol çekilmeginiň wajyplygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdiler.