icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 ýanwar 2020

853

Türkmen wekiliýeti «Heimtextil 2020» sergisine gatnaşýar

2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde «Heimtextil 2020» atly dokma önümleriniň halkara sergisini öz işine başlady.

Sergä Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden we ýurdumyzyň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar.

Bu halkara sergisi her ýylyň ýanwar aýynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde ýerleşýän «Messe Frankfurt» sergiler merkezinde geçirilýär. Bu ýyl «Heimtextil 2020» sergisi 7-10-njy ýanwary aralygynda geçirilýär we oňa dünýäniň 65 ýurdundan 3500 golaý halkara kompaniýalary, dürli edaralary gatnaşýarlar.

Serginiň birinji gününde Türkmenistanda öndürilýän dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy we ýurdumyzyň harytlaryna çärä gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berldi.

Şeýle hem serginiň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň «Messe Frankfurt» sergiler kompaniýasynyň hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň dokma önümlerini öndürýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi