icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 iýul 2020

1315

Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy boýunça syny geçirildi

2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň jemleri boýunça synyna bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasy ugry boýunça gazanylan esasy üstünlikler beýan edildi. Türkmenistanyň sebitdäki ýurtlar bilen hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi nygtaldy. Bu ugurda, golaýda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanmagyna aýratyn üns çekildi.

Mejlise gatnaşyjylar şu ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler baradaky hasabatlary diňläp, ikinji ýarymýyllykda öňde duran wezipeler dogrusyndaky teklipler we maslahatlar hakynda pikir alyşdylar.

Ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň möhüm ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyrylyş duşuşygyň esasy bölekleriniň biri boldy. Şeýlelikde, mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda öňe sürlen täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň ilerledilmegi baradaky DIM-iň tebigaty goramak ugry boýunça hünärmeniniň hasabatyny diňlediler. Şunlukda, howanyň global derejede üýtgemegi şertlerinde Hazar deňziniň eko-ulgamynyň gorap saklanylmagynyň ähmiýeti barada aýdylyp geçildi. Şeýle-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň maksatlary, hususan-da Aral deňzi basseýniniň ekologiki we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna Türkmenistanyň saldamly goşandy aýratyn bellenildi. Bu ugurda Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi ugrunda tebigaty goramak boýunça Sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti hem nygtalyp geçildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň BMG-niň Bioköpdürlilik baradaky Konwensiýasynyň Genetiki baýlyklaryň elýeterliligini we olary ulanmak bilen düşýän peýdany deň hem-de adalatly esasda bilelikde peýdalanylmagyny kadalaşdyrmak boýunça Nagoý Teswirnamasyna goşulmagy bilen bagly meselelere hem garaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi