icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 noýabr 2020

869

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi

Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşay işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.E.Gurýanow ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, diplomatlar Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky bar bolan Meýilnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdiler hem-de 2021-2022-nji ýyllar üçin geljekki Meýilnamana barada pikir alyşdylar.

Sebit hem-de halkara guramlarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk kanagatlanarly bellenildi. Belarus Respublikasyna Bitaraplygyň dostlary Toparyna goşulandygy we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň saklanylmagynda we pugtalandyrylmagynda bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama awtordaş bolandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ony kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklara, şol sanda söwda dolanşygynyň mümkinçiliklerini artdyrmaklyga içgin seredildi. Taraplar Türkmenistan bilen Belarusyň işewürler toparlarynyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny artdyrmak barada gepleşdiler. Munuň çäklerinde, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-belarus hökümetara toparynyň orny bellenildi.

Taraplar medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Saglygy goraýyş, bilim, ylym ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi. Medeni we ylmy giňişlikde tejribeleri paýlaşmaklygy gurnamaklyga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi