Türkmenistan bilen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarly

2021-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideo ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.  

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi, logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanşyklylygyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. 2016-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Durnukly ulag boýunça Birinji Global maslahatynyň hem netijeliligi bellenip geçildi.

Umberto de Pretto Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurtda we sebitde diňe bir ýol ulaglarynyň ulgamynda däl-de, eýsem infrastrukturanyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegi ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Şunlukda, Türkmenistanyň iri häzirki zaman infrastrukturanyň gurulmagy, şol sanda halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak arkaly onuň netijeli hereket etmeginiň ýokarlandyrylmagy üçin degişli şertleriň döredilmegi boýunça giň göwrümli işleriniň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi tarapyndan goldanylýandygy aýdyldy.

Şu nukdaýnazardan, taraplar BMG-niň platformasynda Türkmenistanyň we IRU-nyň arasyndaky özara hereketlerine ýokary baha berdiler, bu bolsa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen degişli resminamalaryň ilerledilmeginde öz beýanyny tapýandyr. Dünýäde emele gelen pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara gatnawlarynyň üpjün edilmegi boýunça başlangyjynyň ilerledilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary Lapis Lazuli geçelgesiniň, şeýle-de Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça beýleki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeli ulanylmagy babatynda Türkmenistan bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny belledi. Taraplar şonuň ýaly-da, 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna görülýän taýýarlyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.