icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

10 mart 2021

3466

Türkmenistan bilen Günorta Afrika Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini belläp geçmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary diplomatiki gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýakyn wagtda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda syýasy geňeşmeleriň guralmagy we geçirilmegi babatynda, şonuň ýaly-da iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ilçileriniň we hemişelik wekilleriniň derejesindäki özara hereketlerini ýygjamlaşdyrmak boýunça ylalaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler çakylyklary alyşmak arkaly, özara saparlary guramak babatynda ylalaşyk gazandylar, saparlaryň barşynda ikitaraplaýyn resminamalar taýýarlanylar hem-de olara gol çekiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi