Türkmenistanyň milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýis-topar ýolbaşçysy Moskwa bolan iş saparynyň dowamynda birnäçe duşuşyklary geçirdi

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýis-topar ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew birnäçe duşuşyklary geçirdi. Gepleşiklere şeýle-de «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň wekilleri hem gatnaşdylar.

 Şunlukda, «ФКП «Российская государственная цирковая компания» döwlet sirk kompaniýasynyň Baş direktory S.Belýakow we Moskwanyň uly döwlet sirk kompaniýasynyň Baş direktory E.Zapaşnyý bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar atçylyk sportuny hem-de sirk sungatyny ösdürmek ulgamynda özarabähbitli gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň, şol sanda sirk toparlarynyň bilelikdäki görkezme çykyşlarynyň guramaçylygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.