icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 iýun 2021

638

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitiniň çäklerinde möhüm başlangyçlaryň birnäçesini yglan etdi

2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.

“Ylym, tehnologiýa we innowasiýalar: täze gözýetimler açylýar” atly sammite YHG agza ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet Baştutanlary, ugurdaş ministrlikleriniň we beýleki degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Forumyň gün tertibine ylym we tehnologiýalar babatdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, 2026-njy ýyla çenli döwür üçin bu ugur boýunça YHG-nyň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda YHG-niň Baş sekretary doktor Ýusuf Bin Ahmad al-Usaýmine ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Baştutany bu Sammitde garalýan meseläniň maglumat tehnologiýalarynyň görlüp-eşidilmedik derejede ösen we adamzat üçin düýpli ähmiýeti bolan ugurlarynda bilelikdäki ylmy işleri talap edýän döwürde örän möhüm bolup durýandygyny nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli ylmy ösdürmek, netijeli ylmy çözgütleri bilelikde gözlemek, örän möhüm bolan barlag işleriniň netijelerini, aýratyn-da, lukmançylyk we saglygy goraýyş babatda alyşmak üçin usullary döretmek boýunça ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ünsi çekdi. Bu başlangyç yslam dünýäsiniň umumy ylmy-tehnologik kuwwatyny döretmek üçin YHG-nyň Ylmy-barlaglar merkezleriniň ulgamyny emele getirmegi aňladýar we gatnaşyjy döwletleriň alymlar birleşiginiň arasynda maglumatlary çalt hem-de utgaşdyryp alyşmaga mümkinçilik berýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti YHG-niň giňişliginde suw, azyk we ekologiýa howpsuzlygynyň ýeke-täk konsepsiýasyny ýa-da esasy kadalaryny emele getirmek boýunça 2026-njy ýyla çenli ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk Maksatnamasynda anyk görkezilýän işleri güýçlendirmegi teklip etdi.

“Bu ileri tutulýan ugurda aýratyn konseptual resminamalaryň ýokdugy bize suw serişdeleri, möhüm azyk harytlary bilen barabar üpjünçilik hem-de şol bir wagtda howanyň üýtgemeginiň we ekologiýa heläkçiliginiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmek boýunça bar bolan çylşyrymly soraglary yzygiderli esasda çözmäge mümkinçilik bermeýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Baştutany häzirki ekologiýa howplaryna garşy halkara tagallalary birleşdirmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça çäreleri amala aşyrmaga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmekde «Ýol kartasyny» döretmäge gönükdirilen ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegiň zerurdygyny teklip edendigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutany yslam dünýäsiniň şu ugurdaky halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş babatda Ählumumy gün tertibinde bellenen maksatlara ýetmekde YHG-nyň her bir agzasyna ýardam bermäge gönükdirilmelidigine ynanýandygyny aýtdy.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti häzirki zaman dünýä tendensiýalaryny nazara almak bilen, howpsuz sanly ykdysadyýetiň bilelikdäki gurluşyny döretmek, ýagny aýry-aýry ýurtlarda we uly sebitlerde ygtybarly fiziki üpjünçilik ulgamlary, şol sanda Ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň teklip eden YHG gatnaşýan ýurtlaryň çäklerinde ýokary öndürijilikli kompýuter merkezleriniň binýadynda maglumatlaryň bitewi sanawlarynyň nusgalaryny döretmegiň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň şeýle merkezleri ýerleşdirmäge we olaryň işlemegi üçin milli şertleri peýdalanmak boýunça mümkinçiliklere garamaga taýýardygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi