icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 maý 2017

1041

Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp türkmen paýtagtynda birnäçe wajyp çäreler meýilleşdirilipdir: Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Türkmen-Palestina işewürler maslahaty. Bu baýramçylyk çärelere gatnaşmak üçin Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Mazen Şamiýanyň baştutanlygyndaky wekilçilikli topary Türkmenistana geldi.

2017-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Palestinanyň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Mazen Şamiýa ýolbaşçylyk etdi.

Ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň gü tertibinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleler goýlupdyr. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatynda garaýyşlaryň meňzeşdigini belläp taraplar sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmeklige ygrarlydyklaryny beýan etdiler. Şu nukdaý-nazardan taraplar dürli halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselesine ünsi çekdiler.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi bar ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň barşynda taraplar oba hojalygynda we saglygy goramakda  gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garadylar.

         Şol bir wagtda gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup duran däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şu çarçuwada taraplar Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

         Palestina Döwletiniň Daşary işler ministriniň orunbasary öz iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň käbir ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda duşuşyklary meýilleşdirilendir.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi