icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 sentýabr 2021

1174

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýedigi bellenildi. 

Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň türkmen böleginiň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Döwlet ministri Edzima Kiýosi bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýaponiýa Türkmenistanyň iri maýa goýum hyzmatdaşlarynyň esasylarynyň biri bolup durýandygy hem-de ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýandygy bellenildi. Hususan-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň hem aýratyn ähmiýeti nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi