icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2021

1154

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk ýatlamasy» maksatnamasy boýunça okuw seminary geçirildi

2021-nji ýylyň 13-14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk ýatlamasy» maksatnamasy boýunça okuw seminary geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleri, ýurdumyzyň muzeý işgärleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp-mugallymlary gatnaşdy.

Seminarda ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň ýolbaşçysy Swetan Swetkowskiniň gutlag sözi diňlenildi. 

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň adyndan Ç.T.Rüstemowa çykyş etdi.

Türkmenistanda maddy däl medeni mirasyny goramak we ýaýbaňlandyrmak ulgamynda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras boýunça müdirliginiň başlygy G.Magtymgulyýewa dagylar çykyş etdiler.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk ýatlamasy» maksatnamasynyň Awstraliýa boýunça başlygy Rozlin Rasseliň hem-de bu maksatnamanyň geňeşçisi – Joi Springeriň çykyşlary diňledildi. Olar «Parahatçylyk ýatlamasy» maksatnamasynyň Maddy däl medeniýetiň ýadygärlikleriniň Dünýä sanawy barada gürrüň berdiler. Maksatnamanyň taryhy, esasy ýörelgeleri we filosofiýasy bilen tanyşdyrdylar. Bilermenler şonuň ýaly-da, «Jikji baýragy» taslamasy hakynda hem gürrüň berdiler we Maksatnamanyň kiçi göwrümli grantlaryny almagyň şertlerini hem-de talaplaryny aýdyňlaşdyrdylar.     

Seminaryň ikinji gününde oňa gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmalary dowam etdi, onuň barşynda bilermenlere «Parahatçylyk ýatlamasy» maksatnamasynyň sanawyna girizmek boýunça hödürnamalaryň taýýarlanylmagyna degişli bolan birnäçe sowallar berildi. Munuň netijesinde türkmen hünärmenleri üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan işjeň söhbetdeşlik geçirildi. Rozlin Rassel «Parahatçylyk ýatlamasy» maksatnamasynyň Awstraliýadaky komitetiniň iş tejribesi bilen paýlaşdy hem-de hödürnamalaryň taýýarlanylmagy boýunça birnäçe maslahatlary hem-de teklipleri beýan etdi.

Jemleýji söz bilen çykyş eden ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň adyndan Ç.T.Rüstemowa hödürnamalaryň taýýarlanylmagy boýunça maksatlara, wezipelere, usulyýetlere hem-de talaplara dogry düşünmek ulgamynda bilermenleriň ýokary bilim derejelerini bellemek bilen, olaryň Türkmenistanyň guramalary üçin gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça beren maslahatlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi