icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 maý 2017

1068

Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly forumy öz işine başlady

2017-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginde Aşgabatda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy öz işine başlady. Bu Forum “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” ady bilen geçirilýär we onuň maksady bütindünýä energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr geçirmegiň orny baradaky netijeli ara alyp maslahatlaşmalary höweslendirmek bolup durýar.

Forumyň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, halkara guramalaryň, senagat ulgamynyň we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, köp sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Maslahatyň açylyş dabarasyna ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler hem çagyrylypdyr.

Forumyň açylyş dabarasynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Babaýew we Halkara Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak giriş sözleri bilen çykyş etdiler.

Soňra Forum mejlislerde öz işini dowam etdi. Günüň dowamynda şu aşakdaky mejlisler geçirildi: “Tebigy gazyň bazarlary: Serhetara ulag daşamalar we üstaşyr geçelgeler”, “Bütindünýä energetika howpsuzlygynda suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) ornunyň artmagy”, “Nebiti dünýä bazarlaryna çykarmak”.

Foruma gatnaşyjylar energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň amaly, normatiw we hukuk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, energetiki howpsuzlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar we energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmeginiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge ymtylýandyklaryny mälim etdiler. Bu mazmunda energiýa serişdelerini öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň tagallalarynyň we özara hereketleriniň utgaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.

2017-nji ýylyň 31-nji maýynda günüň birinji ýarymynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Forumy öz işini dowam eder. Günorta arakesmeden soňra köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Halkara Energetika media-forumy geçiriler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi