Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygyny kabul etdi

2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Ruyssiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Parlament Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de dostlukly goňşy ýurtda doganlyk Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn parahatçylyk dörediji syýasatynyň netijesi bolan düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine guwanýandyklaryny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe, dostlukly ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we türkmen hem-de gazak halklaryny täze taryhy eýýamda hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýän köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz we myhman duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda barha netijeli häsiýete eýe bolýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini bellediler hem-de giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek açin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we myhman birek-birege ýene bir gezek hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynamyň ýokary derejesiniň geljekde hem döwletara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdiler. Munuň özi taryhy we medeni gatnaşyklaryň umumylygy birleşdirýän iki halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär.