icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 iýun 2017

928

Türkmenistanyň DIM-de Türkiýe Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler minstri R.Meredow Türkmenistana iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ýyldyrym Tugrul Türkeşiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ýola goýulan gepleşiklerini geljekde ösdürmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryny bildirip, döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we bu ugurdaky özara ýerlikli hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar.

Gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer düzüjisi barada bilelikdäki medeni çäreleriň oňyn orny, şeýle hem bilim, sport we syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada işjeň pikir alyşmalary bilen hoşallygyny bildirdiler we dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklary geljekde goldamagyň zerurlygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi