icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

04 iýul 2017

1118

Owganystanyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen geldi

2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Bu sapar adat bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryny geljekde berkitmekde we ösdürmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüler.

“Oguzhan” köşkler toplumynda bolan Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganini resmi garşylaýyş dabarasyndan soňra iki ýurduň Döwlet baştutanlary ikiçäk görnüşdäki ýokary derejedäki gepleşikleri geçirdiler.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Sebitleýin howpsuzlyk we ikitaraplaýyn özaragatnaşyklaryň meseleleri türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine girdi.

Şunlukda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň möhüm ähmiýeti bar. Şeýle giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder. Ol Merkezi we Günorta Aziýada howpsuzlyk bilen bagly ýagdaýy sagdynlaşdyrmagyň möhüm şertine öwrüler.

Söwda-ykdysady ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen-owgan gepleşikleriniň dowamynda ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Türkmenistan goňşy döwlete geljekde dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamakda kömek bermegi we ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde owgan talyplary okatmagyň meýilleşdirilýär.

Aşgabatda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriň netijeleri  boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler.

Ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Jowuzjan uniwersitetiniň (Owganystan Yslam Respublikasy) arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2018-2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Owganystan Yslam Respublikasynyň Badhyz we Jowuzjan welaýatlaryna türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw hojalygy ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; Haly senagatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Halkara awtomobil gatnawlary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmen-owgan döwlet serhedinden Ymamnazar-Akina stansiýalarynyň arasynda demir ýol gatnawyny guramagyň Kadalaryna; Türkmen-owgan döwlet serhedinde halkara demir ýol geçiriş ýeri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.

Taraplar ýüze çykýan ähli jedelleri we gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly çözmäge ygrarlylygyny bellediler.  Halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmek maksady bilen, bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etjekdigini beýan edildi.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri infrastrukturalaýyn taslamalaryny, şol sanda, energetika we ulag ýaly örän möhüm ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenildi. Türkmen elektrik energiýasyny Owganystana ibermek hem geçirilen gepleşikleriň örän möhüm meselesine öwrüldi.

Türkmenistanyň  Prezidenti Owganystanyň Prezidentini Aziada-2017 açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu oýunlara diňe bir türgenleriň ýaryşlaryna däl, eýsem uly sport baýramçylygyna we ägirt uly jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti bolan waka hökmünde taýýarlyk görýändigini belledi.

Soňra iki ýrduň baştutanlary ahalteke bedewlerini saklamak we köpeltmek üçin ähli şertleriň döredilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugradylar.

Günüň ikinji ýarymynda Owganystanyň Prezidenti Watan goragçylary bolan milli Gahrymanlaryň ýadygärligine, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlar hakyndaky hakydany ebedileşdiren “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumyna geldi. Bu ýerde Prezident Mohwammad Aşraf Gani “Baky Şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy.

Agşam Owganystanyň Prezidentiniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söz sözlediler.

Agşamlyk nahar tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar, soňra Mohammad Aşraf Gani paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Aşgabatdan ugrady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi