icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 iýul 2017

1102

Aşgabatda HHR-da öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy

2017-nji ýylyň 4-nji iýulynda Aşgabatda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, Halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan – Uýgur awtonom raýonynyň hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy. Bu sergi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçirilýär.

Foruma gatnaşmak üçin Hytaýyň dürli welaýatlarynyň senagat kuwwatyna wekilçilik edýän kompaniýalaryň hem-de firmalaryň 70-e golaýynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň uly wekiliýeti Aşgabada geldi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary hem bar. Olaryň hatarynda Hytaýyň Birinji awtomobil korporasiýasy (FAW), Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPС), nebitgaz pudagy üçin enjamlary öndürýän “Jeren” kompaniýasy, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary ulgamynda iri hyzmatdaş bolan “Huawei” kompaniýasy hem-de energiýa üpjünçilik ulgamlary üçin kuwwatly elektron transformatorlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan TBEA Group we beýlekiler bar.

Hytaýyň iri köp ugurly kompaniýalary we kärhanalary hem-de eksport we import boýunça halkara söwda agentlikleri öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Ol Hytaýyň önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli önümleriň köp görnüşlerini, şol sanda nebitgaz ulgamynda, elektroenergetika enjamlaryny, energiýany tygşytlaýan lampalary we yşyklandyryş ulgamlaryny,  oba hojalygynyň zerurlyklary üçin niýetlenen uçarmansyz uçýan enjamlary,  gurluşyk serişdeleri ulgamynda ulanylýan alýuminiý profillerini, metal we plastiki önümlerini, dürli dokma önümlerini we halylary, lukmançylyk serişdelerini we hojalyk harytlaryny öndürmek ulgamynda teklipleri we hyzmatlary hödürledi.

Serginiň aýratyn bölümi HHR-iň azyk pudagynyň dürli önümlerini görkezýär. Şol önümler öňdebaryjy ylmy tehnologiýalaryň hem-de hytaý halkynyň milli medeni däpleriniň esasynda öndürilýär.

Sergi özi işini 6-njy iýula çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi