icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 iýul 2017

1104

Burkina-Faso döwletiniň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2017-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak üçin iş sapary bilen Aşgabada gelen Burkina-Faso döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) j-p Antuan Somda bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek meýillerini beýan edip, taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Hökümetiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk  hem  berkitmäge berýän uly  ünsüni belläp geçdi.

Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine seredip, taraplar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ornuny bellediler. Taraplar iki döwletiň eksport we import mümkinçilikleri barada habar berip, iki döwletiň işewürler toparlarynyň, hem-de gaýtadan işleýän we dokma senagaty ulgamynda gatnaşyklarynyň ösüşine uly gyzyklanma bildirdiler. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda taraplar medeniýet we bilim ulgamlaryny görkezdiler.

Netijeli we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýilini belläp, Türkmen tarapy  Ilçä ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek işinde zerur ýardamlary we goldawlary etmäge taýýardygy barada aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi