2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň çäginde türkmen-rus söwda we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşi we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Soňky ýyllarda gatnaşyklara güýçli itergi berlendigi we häzirki wagtda özara bähbitli we deňhukukly esasda aýratyn depgin bilen we yzygiderli ösýändigi nygtaldy.
Gepleşikler dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze ileri tutulýan ugurlara çykmak baradaky özara gyzyklanmany tassyklady. Şolaryň arasynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ýangyç we energiýa toplumy, ulag, senagat, oba hojalygy, gurluşyk, saglygy goraýyş we beýleki birnäçe ugurlar bellenildi. Medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berildi.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary iki ýurduň Prezidentleriniň görkezmelerine we Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň strategiki hyzmatdaşlygyň logikasyna laýyklykda uzak möhletleýin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk toplumyny kämilleşdirmek we baýlaşdyrmak üçin möhüm mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa iki günlük saparynyň netijesinde 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna we ykdysady, ylmy, tehniki we ynsanperwer ugurlarda ylalaşyklara gol çekildi.
Saparyň çäginde iki ýurduň degişli ministrlikleri bilen pudak edaralarynyň arasynda birnäçe duşuşyklary geçirildi.