icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

28 awgust 2016

2008

Ýaponiýanyň Ilçisi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2016-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Takahiko Katsumata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.

Özara salamlaşykdan soňra, taraplar gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini bellediler we Türkmenistan bilen Ýaponioýanyň arasyndaky özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge ygrarlylygyny aýan etdiler. Syýasy gepleşikleriniň ýokary derejesini belläp taraplar syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin bilelikdäki taslamalary amaly taýdan ýerine ýetirmegiň möhümdigi bellenilip geçildi. Taraplar bilim we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny gysgaça seljermek bilen, olary has hem ösdürmek meselelerine gyzyklanmalaryny bildirdiler.

Türkmen tarapy jenap Takahiko Katsumatany Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde işe başlamagy bilen mübärekläp, oňa täze işinde üstünlikler arzuw etdi. Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, öz gezeginde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny belledi we özüniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi