icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 sentýabr 2017

755

Türkmenistanyň DIM-de Taýland Patyşalygynyň premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga gelen Taýland Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary general Tanasak Patimapragornyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Myhman mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdirip, Taýland Patyşalygynyň Türkmenistanyň özenini oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri düzýän açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berýändigini beläp, Türkmenistany V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüşini bellediler. Taraplaryň aýratyn ünsi söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine berildi. Taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen aragatnaşyklary hil taýdan täze ýokary derejelere ýetirmegi ylalaşdylar. Şeýle-de, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda tegelek stollary we işewürler maslahatlaryny gurnamak arkaly özaragatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň arasyndaky özara düşünşmegiň ýokary derejesininiň esasy bolup özara hormat, deňhukuklylyk we ösüşe bolan islegdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi