icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 sentýabr 2017

3777

Bosgunlar topary Aşgabat 2017-ä minnetdarlyk bildirýärler

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan bosgunlar toparynyň agzalary dünýä derejesinde geçiriljek geljekki ýaryşlarda hem bosgunlara gatnaşmaga mümkinçilik döredilmegine uly umyt bildirýärler.

Bäş sany türgen: Paulo Amotun Lokoro, Wiýual Puok Deng, Gaý Nýang Tap, Ukuk Utloo Bul we Ýieh Pur Biel dagylar Keniýanyň Naýrobi şäherinde Tegla Lorupeniň esaslandyran Parahatçylyk gaznasy tarapyndan guralan synag oýunlaryndan soň Aşgabat 2017-ä gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Erkekleriň arasynda 800 m aralyga ylgamak boýunça ýaryşyň ýarym final tapgyryna çykan Biel şeýle tejribäniň özi üçin örän ähmiýetlidigini aýtdy we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitete minnetdarlygyny bildirdi. Biel “Bu Rio 2016 oýunlaryndan soň gatnaşan ikinji uly göwrümli ýaryşym. Rio-de-Žaneýro we Aşgabat şäherlerindäki sport ýaryşlaryna bosgun hökmünde gatnaşanymyz dünýäde bir zatlary üýtgetmegi ähtimal. Sport biz üçin gapylaryň birnäçesini açdy” diýip, öz begenjini paýlaşdy. Soňra ol: “Biz Türkmenistan barada köp zat bilmeýärdik, emma şu günki günlerde türkmenler özleriniň myhmansöýer halkdygyny bütin dünýä tanatdy. Biz geljekde hem bu ajaýyp ýurtda geçiriljek ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşarys” diýip, sözüni dowam etdirdi.

Bu toparyň ýolbaşçysy, ýarym marafony ylgap geçmekde üç gezek dünýäniň çempiony bolan we üç gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan kenýaly Tegla Lorupe bosgun türgenler üçin hem uly sport ýaryşlarynyň gapylarynyň açylmagyny teklip etdi.

Lorupe: “Afrikadan we beýleki kontinentlerden gelýän türgenler ýaryşa gatnaşmak üçin dünýäniň islendik künjegine uçar bilen arkaýyn gidip bilýärler. Bosgunlarda bolsa bu mümkinçilik ýok. Emma häzirki wagtda sportuň olara şeýle goldawy berýändigi diýseň begendirýär” diýip belledi. Soňra ol: “Men beýleki iri sport çäreleriniň guramaçylary hem bosgun türgenleriň ýokary derejede ýaryşyp bilmekleri üçin öz gapylaryny açar diýip umyt edýärin. Bu diňe ýeňil atletika bilen çäklenmeli däl. Sportuň beýleki görnüşlerinde hem, mysal üçin taekwondo ýa-da karate sporty boýunça hem ukyply ençeme bosgun türgen bar. Bosgunlar üçin bu sport görnüşleri boýunça ýaryşmak mümkinçilikleri dörär diýip umyt edýärin” diýdi.

3 000 m aralygy ylgap geçmekde ýaryşa gatnaşyp, finala çykan we ýedinji orny eýelän Bul Halkara Olimpiýa komitetiniň beren bu goldawynyň bosgunlar üçin örän möhüm habar berdi.  Bul bu babatda şeýle diýdi: “Halkara Olimpiýa komiteti bizi köpden bäri goldaýar. Bu gurama bize Rio-de-Žaneýroda geçirilen ýaryşa gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bize olaryň goldawy zerur bolup durýar. Goldawynyň dowam etjekdigine umyt edýärin”.

Lorupe toparyň türgenleri öz öňlerinde has uly maksatlary goýýandygyny aýtdy. Ol: “Rio – 2016 oýunlary ähli zadyň başlangyjy boldy. 2020-nji ýylda Tokio şäherinde geçiriljek oýunlarda bosgunlar türgenleri finala çykmagy, hat-da medal almagy maksat edinýärler. Bolup bilmejek zat ýok” diýip, uly ynam bilen sözüni jemledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi