icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

29 noýabr 2023

1039

Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumynyň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçirildi.

Foruma iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewür toparlarynyň, şol sanda nebitgaz, dokma we azyk senagaty, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk harytlarynyň önümçiligi, derman senagaty, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri M.Jabbarow çykyş etdiler.

Türkmen tarapynyň wekilleri ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýdyp, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň hususy pudaga degişli kärhanalaryň jemi içerki önümdäki paýynyň tapgyrlaýyn esasda artdyrylmagyny göz öňünde tutýandygyna ünsi çekdiler.

Bellenilişi ýaly, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek we bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak ugruny saýlap alan Türkmenistan telekeçilik işini, işewür toparlaryň işjeňligini hemmetaraplaýyn höweslendirýär, kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertlerini döredýär.

Açyk we ynanyşmak häsiýetinde geçirilen işewürlik duşuşygynyň çäklerinde açylýan mümkinçilikleri we bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini nazara almak bilen, möhüm ugurlaryň birnäçesinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Umumy pikire görä, iki ýurduň harytlary we hyzmatlary öndürijileriniň gatnaşmagynda bilelikdäki sergileriň yzygiderli geçirilmegi, bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň, dürli duşuşyklaryň guralmagy bu işiň üstünlikli amala aşyrylmagynyň wajyp şerti bolup durýar.

Iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga özara taýýardyklaryny nygtap, söwda dolanyşygynyň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglanyşykly anyk teklipleri beýan etdiler.

Forumyň çäklerinde birnäçe aýratyn ikitaraplaýyn duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi