icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 oktýabr 2017

790

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rus gepleşikleri geçirildi

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabada düýn gelen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy döwletara dialogyň ýokary ösüşini belläp, taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerini maslahatlaşdylar we syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýyn ösüşi barada pikir alyşdylar. Dürli halkara guramalarynyň çäklerindäki halkara başlangyçlaryna  özara goldawy kanagatlanma bilen belläp, taraplar bu ugurda mundan beýläk hem gatnaşyklaryň ösüşiniň möhümdigini bellediler. Owganystan Yslam Respublikasy we Hazar meseleleri babatda bilelikde hereket etmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn söwda-ykdysady aragatnaşyklary berkitmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna seredildi. Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösüşine aýratyn üns berildi.

Özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki özara hereketleriň hatarynda medeni-ynsanperwer ulgamy, şeýle hem  aýratynlykda ylym, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk  bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi