icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

06 iýun 2024

1782

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda, esasanam söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, agzalan özara hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hereket edýän toparlaryň çykyş edýändigini bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlara döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň we netijeli duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Nebit-gaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda energetika, gaz himiýasy pudaklarynda, uglerod bitaraplygy we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.

Söhbetdeşler şu ýylyň awgust aýynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda Astana şäherinde geçiriljek sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň 15-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi