icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 noýabr 2017

804

Türkmenistan we Türkiýe geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary  jenap Ahmet Ýyldyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda halkara we sebitleýin meseleleri, şeýle hem häzirkizamanyň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikdäki işleri güýçlendirmek meseleleri boýunça önjeýli pikir alyşmalar geçirildi. Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar  bilen düzgünleşdirmek işinde bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.  RECCA VII-niň çäklerinde önjeýli hyzmatdaşlyga ynam bildirip, taraplar sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde Türkmenistanyň ornuny bellediler. 

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp, taraplar ýokary derejeli saparlaryň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ykdysadyýet we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösüşine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi