icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 noýabr 2017

1139

Şweýsariýada Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Wintertur şäherinde Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň hökümet edaralarynyň wekilleriniň we işewürler toparlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasy şeýle hem “Şweýsariýa-GDA/Gruziýa” Bilelikdäki Söwda Edarasynyň goldawy bilen gurnaldy.

Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili A. Haljanow Döwlet baştutanymyzyň kitabynyň mazmuny bilen tanyşdyrmak bilen, eseriň baş pikiri hökmünde Türkmenistanyň özüniň taryhy ýoluny açyp görkezýän halkara giňişligindäki oňyn başlangyçly, sebitiň abadançylygyna we Ýüpek ýolunyň ösüşine Türkmenistanyň orny nukdaý-nazaryndan beýan edilýändigi barada nygtap geçdi.

Tanyşdyryş çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň köpugurly ykdysady, syýasy we durmuş ähmiýeti barada bellenilip geçildi. Hususan-da kitapda Ýüpek ýolunyň medeniýetleriň aralaşmagyna, siwilizasiýalaryň ösmegine, medeni mirasa hormat goýmaga, durmuş-ykdasady abadançlyga ymtylmaga, Günbataryň we Gündogaryň arasynda ylmy we medeni baglanyşygyň berkemegine uly orun berilýändigi barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da çärä gatnaşanlar täze söwda ýollarynyň we ugurlaryň döremegine Beýik ýüpek ýolunyň esaslandyrylan döwründe dörän we häzirki wagtda kämilleşýän halkara ulag ulgamlaryň aýrylmaz gatnaşyjysy bolan Türkmenistanyň wajyp orny barada aýratyn durup geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi