icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

14 iýun 2025

1261

Türkmenistan ynsanperwerlik goldawyny berýär

Türkmenistan halkara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, şeýle hem özüniň hemişelik oňyn bitaraplyk derejesi esasynda, BMG-niň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen ähli zerur çäreleri amala aşyrýar.

Bu çemeleşmäniň aýdyň subutnamasy hökmünde soňky 24 sagadyň dowamynda Ýakyn Gündogarda ýüze çykan ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ähli howa gämileri tarapyndan Türkmenistanyň howa giňişliginden päsgelçiliksiz peýdalanmak üçin şertler tizden-tiz üpjün edildi.

Içinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Ýakyn Gündogaryň, Hindistanyň, Russiýanyň we başga-da birnäçe döwletleriň raýatlary bolan FlyDubai (BAE), Jazeera Airways (Kuweýt), S7Airlines (RF) we beýleki awiakompaniýalaryň uçarlaryna Aşgabadyň Halkara howa menziline gonmaga dessin mümkinçilik döredildi.

Ýolagçylaryň ählisi üç wagtyna gyzgyn nahar hem-de lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterlik bilen üpjün edildi.

Howa gämileriniň ekipažlarynyň agzalaryna halkara raýat awiasiýasynyň kadalaryna laýyklykda talabalaýyk dynç almak üçin şertler döredildi.

Türkmenistan ynsanperwer meselelerinde özüniň mäkäm garaýyşyny iş ýüzünde tassyklaýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi