icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

01 noýabr 2016

1697

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň neşire taýýarlan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnal milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşygyna bagyşlanan makala bilen başlanýar. Biziň ýurdumyz dünýäniň ähli döwletleri bilen syýasy-diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň möçberli hyzmatdaşlyk ugry boýunça daşary syýasat hyzmatdaşlygyny ýola goýýar.

Şeýle hem žurnalda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden çykyşy ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda Aşgabatda şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde geçirilen media-forumyna gatnaşyjylarynyň çykyşlaryna bu žurnalda aýratyn orun berilipdir.

Bulardan başga-da, žurnalyň okyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine, döwletimiziň ulag diplomatiýasyna, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen alyp barýan işlerine, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, ylym-bilime we taryhy diplomatiýa bagyşlanyp taýýarlanan makalalary bilen tanşyp bilerler.

“Diplomatik durmuşyň senenamasy” diýen sözbaşy astynda dürli derejede geçirilen duşuşyklara we gepleşiklere, bilelikdäki iş toparlarynyň mejlislerine, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmelere, şeýle hem Aşgabatda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara maslahatlara gysgaça syn berilýär.

Žurnalyň türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilmegi onuň daşary ýurtlardaky giň okyjylar köpçüligi üçin elýeterliligini üpjün edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi