icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

05 awgust 2025

1394

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň başlanmagy mynasybetli brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň (LLDC3) umumy mejlisiniň açylyş dabarasyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingi meşhur Al-Arabiya teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Han alyp bardy.

Brifingde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdiler. Şeýle hem brifinge BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňze çykalgasy bolmadyk iň az ösen ýurtlar, ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima gatnaşdy.

Çykyşlarda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary hemmetaraplaýyn ösdürmekde DÇBÖBD 3 maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Maslahatda çärerleriň we kabul edilen ähli kararlaryň ykdysady ösüş, bu ýurtlaryň inklýuziw we durnukly ösüşi nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň çäginde DÇBÖBD 3-iň ähmiýeti bellenildi.

Soňra sorag-jogap alyşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi