icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

11 awgust 2025

2351

Koreýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýa Respublikasynyň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde Ilçi özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi